:
 








Myradowa G.B, Esenowa O.J., 1

Mukaddes Ruhnamasy kafedrasy

Dosent Ataýew M.P., mugallymlar:

Myradowa G.B, Esenowa O.J.,

Gutlymyradowa A.Ö.,Mämmedow B.J.,

TÜRKMENISTANYŇ JEMGYÝETÇILIK DURMUŞYNY ÖWRENIŞ

(SYÝASATY ÖWRENIŞ)

Aşgabat 2010

1-nji tema: Syýasaty öwreniş kursynyň predmeti we

jemgyýetdäki roly. 2 sagat

MEÝILNAMA

 

1. Syýasy ylmyň predmetiniň kesgitlenilişi.

2. Syýasy pikiriň ösüş etaplary. Syýasat hakynda düşünje. Syýasatyň derejeleri.

3. Syýasy ylmyň gurluşy.

4. Syýasaty öwreniş dersiniň düzümi. Syýasaty öwreniş dersiniň baş düşünjeleri we kategoriýalary. Syýasaty öwreniş ylmynyň ähmiýeti.

 

1. Syýasy ylmyň predmetiniň kesgitlenilişi.

Syýasat sözi turkmen dilinde we beýleki dillerde hem iň bir giň ýaýran we köpmanyly sözüň biri. Gündelik durmuşda syýasat diýip hemme maksada gönükdirilen işi atlandyrýarlar, ol döwlet ýolbaşçysynyň iş, partiýa we kärhana ýolbaşçysynyň işi hem bolup biler.

Adamzat syýasaty iki esasy usul boýunça akyl ýetirýäler: adaty garaýyşlaryň üsti bilen we ylmy bilimleriň üsti bilen.

Adaty sistema salynmadyk syýasat hakyndaky düşünjeler birnäçe müňýyllyklar ýaşap gelýär. Ol haýsydyr bir görnüşde her bir adama mahsusdyr. Olar dogry hem, ýalan hem bolup biler, şonuň üçinem olar adam üçin syýasat dünýäsinde oriýentir bolup hyzmat edip bilmeýär. Ony diňe syýasy ylym we ony öwrenmek üpjün edip biler. Syýasy ylym näme, ol haçan döredikä we ony öwrenmegiň nähili usullary we serişdelri bar?




Syýasatda akyl ýetirmegiň taryhy ilkinji formasy onuň dini-mifologik traktowksy bolupdyr. B.e.ö. II-I müňýyllyklardan saklanyp galan çeşmelerden sen tutsaň, ähli gadymy halklarda häkimiýetiň we jemgyýetçilik syýasy gurluşyň hudaý tarapyndandygy baradaky mifler bar. B.e.ö. I-müňýyllygyň ortalaryndan başlap ilkinji syýasy kategoriýalar we definisiýalar, soňra bolsa etiki-filosofik formada bolan tutuş konsepsiýalar döräp ugraýarlar. İlki bilen bu proses Konfusiniň, Platonyň we Aristoteliň işleri bilen baglanyşykly.

Aristotel syýasat ylmyny hemme ylymlardan ýokarda goýýar, sebäbi ol adamlara adalatlylyk we hukuk kanunlary boýunça ýaşamagy öwredýär we öz maksady hökmünde umumy bäbitleri goýýar.

Özüniň syýasy netijeleri we döwlete klassifikasiýa bermekde bu akyldar örän köp materiallary 158 şäher döwletlerini polislerini takyk öwrenipdir. Syýasy pikiriň ösüşinde Aristoteliň ägirt hyzmatlaryny göz öňünde tutup, ony köp halatlarda syýasy ylmyň atasy hasaplanýar. Ýöne bu edil beýle däl, sebäbi syýasat ylmynyň döreýşi örän uzak prosese hem-de ondaky hakykat bilen ýalňyşlyklar goňşuçylykda, mysal üçin Aristoteliň gullary öz tebigaty boýunça syýasy däl hasaplamasy.

Aristotetliň syýasy işi entek aýratyn dissiplina bolup bölünmeýärdi we etiki-filosofiki ideýalar bilen aýrylmaz baglanyşyklydy. Soňrak syýasy pikir ýuwaş-ýuwaşdan diniň täsirlerinden we etiki-filosofik temadan saplanyp ugraýar. Mysal üçin Siseronyň Respublika hakynda we Kanun hakynda diýen işleri eýýäm hiç hili umumyfilosofik we dini garaýyşlary özünde saklamaýardy.

Syýasy ylmy filosofiýany we etikany bir-birinden has takyk aýrylaşdyran alym XVI asyrda N. Makiawelidir. Ol syýasaty öwrenişi özbaşdak ylym hökmüne kesgitläpdir. Syýasy ylym özüniň soňky ösüşlerine Gobbsyň, Lokkyň, Monteskýonyň, Russonyň, Medisonyň, Berkiň, Miliň, Tokwiliň, Marksyň, Engelsiň, Leniniň we başgalaryň işlerinde eýe bolýar.

Örän giň syýasy barlaglaryň barlagyna seretmezden XIX asyryň ikinji ýarymyna çenli syýasaty öwreniş sapak hökmünde öwrenilmän, döwlet we syýasy-filosofik teoriýa baradaky taglymat hökmünde öwrenildi. Käbir alymlar syýasaty öwrenişi özbaşdak ylym hökmünde öwrenilmeginiň formal başlangyjy diýip XIX asyryň birinji ýarymynda Germaniýäda hukuk mekdebiniň döredilmegini hasaplaýarlar, käbirleri bolsa, aýratynam amerikan alymlary ony XIX asyryň inji ýarymynda degişli edýärler we 1857-nji ýylda Kolumbiýanyň uniwersitetinde syýasy teoriýa okuw kursu boýunça leksiýa okap başlap, Frensis Leýberiň ady bilen baglanyşdyrýarlar hem-de 1880-nji ýylda şol ýerde Džon Berdžessin ýolbaşçylyk etmeginde syýasy ylmyň ýokary mekdebini döredýärler. Soňky ýyllarda Amerikada syýasaty öwreniş we ylmy institutlaryň bütin topary döredilýär. 1903-nji ýylda syýasy ylymlaryň Amerikan assosiasiýasy döredilýär. Häzir onuň agzalarynyň sany 16 müňden-de geçýär.

XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başlarynda syýasy ylym termini Ýweropada-da ykrar edilýär. 1896-njy ýylda görnükli Ýewropa politoligy we sosiology G. Moska özüniň bir işini Syýasy ylmyň elementleri diýip atlandyrýar.

XX asyryň başlarynda syýasaty öwreniş aýratyn akademik sapak hökmünde kemala gelmegi tamamlanýär. Syýasy barlaglaryň ösmegine oňaýly täsir eden zat 1949-njy ýylda ÝUNESKO-nyň baştutanlygynda döredilen syýasy ylymyň halkara assosiasiýasydyr, ol öz işini häzirki günem dowam edip gelýär.

Russiýada syýasy pikir uzak taryhy we köp gyzykly özboluşly ideýalry öz içine alýar. Dünýä syýasy ylmyna görnükli goşant goşanlar: M.M Kowalewskiý, B.N.Çeçerin, P.I. Nowgorodçew, M.Ýa. Ostrogorskiý we beylekiler, şeýle hem marksistik teoretikler W.I. Lenin, G.W. Plehanow we ş.m. 1917-nji ýylyň bolşewistik rewolýusiýasyndan soň, syýasy ylmyň şowhunly ösüşi kesilýär. Syýasaty öwrenişe ýalan ylym, buržuaz ylym diýip beýan edilip başlanýar.

Syýasaty öwrenişe bolan garaýyşlar XX asyryň 80-nji ýyllarynyň ikinji ýarymyndan başlap üýtgäp baş;aýar. Häzirki günde her hili kynçylyklara seretmezden syýasaty öwreniş ylmy jemgyýetçilik aňynda özüniň mynasyp ornuny eýeleýär, demokratik dölet gurluşyna, praktiki syýasata özüniň täsirini ýetirýär.

Syýasaty öwreniş sözüniň gös-göni terjimesi syýasat hakyndaky ylym. Bu babatda alymlaryň arasynda garşylyklar ýok, ýöne syýasaty öwreniş ylmy syýasaty nähili giňişleýin öredýändigini jedelli bolup durýär. Alymlar bu problemany durli-dürli beýan edýärler.

Syýasaty öwreniş ylmy jemgyýetde adatça döwleti, partiýalry, häkimiýeti amala aşyrýan ýa-da oňa täsir edýär beýleki institutlary, şeýle hem birnäçe beýleki hadysalary öwrenýär.

Syýasaty öwreniş syýasat hakyndaky, umumy integral ylymdyr. Ol özüne syýasat we onuň adam we jemgyýet bilen gatnaşygy hakyndaky ylymlary birikdirýär: syýasy filosofiýa, syýsy sosiologiýä, syýasy psihologiýa, syýasy institutlaryň, şeýle hem döwlet we hukuk teoriýasy.

Syýasy öwreniş syýasat, onuň şahsyýet we jemgyýet bilen arabaglanyşygy hakyndaky ýeke-täk, integral ylym. Bu ylma mundan takyk kesgitleme bermek mümkin däl. Munuň sebäbi syýasat termininiň adatdan daşary köp manylygynda we onuň predmeti hakyndaky pikirleriň jedelli bolmagyndadyr. Şu zatlary göz öňünde tutmak bilen käbir awtorlar bu ylma umumy kabul edilen kesgitleme bermekden boýun towlaýarlar.

 

2. Syýasy pikiriň ösüş etaplary. Syýasat hakynda düşünje. Syýasatyň derejeleri.

Syýasat hakyndaky ylym häzirki zamanda jemgyýetçilik, gumanitar ylymlarynyň iň möhümleriniň biri bolup durýar. Syýasatyň mazmunyna düşünjek bolup edilen synanşyklar gadymy zamanda başlapdyr.

Syýasaty öwrenmegiň ilkinji görnüşi dini-mifologiki garaýyşlar bolupdyr. Gadymy halklaryň hemmesi häkimiýete, jemgyýetçilik-syýasy düzgünlere hudaý tarapyndan emele gelen hadysalar diýip düşünipdirler. Muňa bizin eramyzdan öňki II-I müňýyllyklardan saklanyp galan taryhy çeşmeler şaýatlyk edýär.

Takmynan I müňýyllygyň ortalaryndan başlap, syýasyty öwrenmegiň ilkinji görnüşi, ýagny akyl ýetirişi barlaglara daýanyp görnüşi ýuze çykyp ugraýar. Syýasy kategoriýalar, düşünjeler, soňra bolsa konsepsiýalar peýda bolýär. Bu teoretiki pikirler filosofik-etiki görnüşinde peýda edilipdir. Syýasaty öwrenişiň emele gelmeginiň bu etapy gadymyýetiň beýik akyldarlary Konfusiniň, Platonyň, Aristoteliň atlary bilen baglydyr. Olar syýasy ylyma adamyň we döwletiň abadançylygy hakyndaky, iň gowy döwlet gurluşy barasyndaky ylym hökmünde garapdyrlar. Şeýle-de bolsa ol akyldarlar syýasaty öwrenişi özbaşdak maksat hökmünde tapawutlandyrmandyrlar, onuň etikadan we filosofiýädan tapawudyny görkezip bilmändir.

Bu wezipäni diňe XVI asyrda italýan alymy H. Makiawelli ýerine ýetirip bildi. Ol syýasy ylmy dini-etiki ideýalardan arassalap, syýasy proseslere tebigy hadysa hökmünde garap başlady, döwlet häkimiýetini syýasy barlaglaryň esasy meselesi edip goýdy. Şunlukda, syýasy ylmy döretmekde öne uly ädim edildi. Emma şunda-da Makiawelini syýasaty öwrenişe ilkinji dörediji hasap etmeýärler.

Syýasaty öwrenişiň kemala gelmegini, beýleki ylymlaryň döreýşi, iňňän köp wagty öz içine alýar, belli-belli döwürler bilen bagly bolýar.

Amerikan syýasaty öwrenjiniň düşündirişine görä, syýasaty öwrenişiň döreýşi üç döwri öz içine alýar. Birinji döwür gadymy zamandan Amerikanyň rayatlyk urşuna çenli (1861-1865 ýý.) wagty öz içine alýar. Bu döwre syýasaty öwrenişiň filosofik stadiýasy diýilýär. İkinji döwür Amerikanyň raýatlyk urşundan ikinji jahan urşy aralygy öz içine alýar. Bu döwre syýasaty öwrenişiň syýasy tejribäni toplaýan, öwrenýän ýa-da empriki dowri diýilýär. Üçünji döwür ikinji jahan urşundan biziň ýaşaýan günlerimize çenli wagty öz içine alýar. Bu döwre toplanan tejribäni we teoretiki bilimleri takyk esasda barlaglaýan, çuňlaşdyrylýan stadiýa diýilýär.

Bu döwre bölmek belli bir derejede amerikanlaşdyrylan görnüşde berilse hem onuň ähmiýeti uly. Sebäi onda aýdylyşy ýaly, syýasaty öwrenişiň ylym hökmünde kemala geliş dogrusynda, iňňän uzak wagty öz içine alýar.

Syýasaty öwrenişiň häzirki derejesi XIX asyryň ikinji ýarymynda emele geldi. Bu ösüş umuman prosesiň hususan-da jemgyýetçilik bilimleriň gazanan üstünlikleri netijesinde mümkin boldy. Hut şol döwürde hem syýasy ylym özbaşdak akademik sapak hökmünde okadylyp başlandy. 1857-nji ýylda ABŞ-nyň Kolumbiýa kollejinde Taryh we syýasy ylym diýen kafedra döredildi. 1880-nji ýylda şol kollejde birinji syýasy mekdep açyldy. 1903-nji ýylda bolsa syýasy ylymlaryň Amerikan assosiasiýasy döredildi.

Syýasy ylmyň ösüşinde şunuň ýaly prosesler Ýewropada hem bolup geçýärdi. Häzirki zaman syýasaty öwrenişi döretemek işine M. Weber, W. Pareto, A.Tokwul, R. Mihels, K. Marks, F. Engels we başga ýewropa alymlary uly goşnat goşdular. Syýasaty öwrenişiň M.M. Kowalewskiý, B.N. Çiçerin, B.I. Lenin, G.B. Plehanow we başgalar uly iş bitirdiler.

 

3. Syýasy ylmyň gurluşy.

Syýasaty öwrenişiň ylym hökmünde aýratynlygy onuň jemgyýetde oýnaýan roluny we funksiýasyny kesgitleýär.

Şol funksiýalryň ilkinjisine akyl ýetirişi funksiýasy diýilýar. Bu funksiýa syýasy durmuşdaky gatnaşyklary we kanunalaýyklary dogry barlamaga we şu esasda hadysalaryň mazmunyna çuňňur düşünmäge hem-de syýasy çaklamalar bermäge kömek edýär.

Syýasaty öwrenişiň ýene bir funksiýasyna baha beriş funksiýasy diýilýär. Munuň hem ähmiýeti uludyr. Ol syýasy gurluşlara, institutlara, dürli-dürli syýasy wakalara, aýry-aýry şahalara baha berýär. Munuň özi rýöneký raýatlara, häkimiýet edaralarynda işleýän şahslara gaty uly täsir, olaryň öz hereketlerinde ýe bolmaklaryna hemaýat berýär.

Syýasaty öwrenişiň indiki funksiýasyna syýasy sosializasiýa funksiýasy diýilýär. Bu adamlara syýasy terbiýe bermek bilen baglydyr. Demokratik döwletlerde şu funksiýa iňňän giňden peýdalanylýar, özem oňat netijeler berýär. Ol hususan-da raýatlygy terbiýelemek, ilatyň syýasy medeniýetini formirlemek bilen meşgulanýar. Munuň ähmiýeti biçak uludyr. Çünki bu ägirt uly iş adamlara syýasy aň-düşünje bermek bilen çäklenmeýär, eýsem olaryň syýasy taýdan özüni alyp baryşlaryny hem uly täsir edýär, kanunlary sylamagy öwredýär.

Syýasaty öwreniş jemgyýetiň syýasy gurluşyny kämilleşdirmek funksiýasyny hem ýerine ýetirýär. Umuman aýdanyňda, bu ylym syýasy gurluşyň, syýasy görnüşleri we özgerişleriň teoretiki esasy bolup durýar. Könelen syýasy edaralaryň çalşyrylmagy, täze syýasy institutlaryň döremegini öwredýar, garşylyklary, konfliktleri parahatlyk bilen çözmegiň ýollaryny salgy berýär.

Häzirki zaman syýasaty öwrenişiň ylmy garaýyşlary, derejesi, onuň metodlary we funksiýalry çalt ösýar. Şunuň bilen birlikde onuň ylmy düşünjeleri kategoriýalary hem baýlaşýar. İndi syýasaty öwrenişiň birentek ideýalry, düzgünleri syýasy pikiriň bütin dünýäde gazanan üstünlikleri esasan-da umumy adamzat gymmatlyklaryna öwrülip barýar. Bu üstünliklere mundan hem ýokary derejä götermek üçin geçmişiň syýasy pikirleri, syýasy ylmyň halkara masştabynda gazananlaryny öwrenmegiň ähmiýeti iňňän uludyr.

 

4. Syýasaty öwreniş dersiniň düzümi. Syýasaty öwreniş dersiniň baş düşünjeleri we kategoriýalary. Syýasaty öwreniş ylmynyň ähmiýeti.

Syýasaty öwrenişiň kanunalaýyklygy hereket edýän çäklerine garap, üç topara bölünýär:

Birinji topar syýasy-ykdysady kanunalaýyklardyr. Bular ykdysadyýet bilen syýasaty, syýasy häkimiýetiniň arabaglanyşygyny görkezýär. Olaryň bir-birine nähili täsir edýänligi suratlandyrylýar. Şunda iňňän möhüm mesele ykdysadyýetiň syýasatyny kesgitleýänligi hakyndaky meseledir. Syýasy häimiýeti, dogrudanam, ykdysadyýet kesgitleýär. Ykdysady bähbitler syýasy hereketleriň esasy sebäbi bolup durýar.

Şonuň üçnem syýasy garşylyklaryň, syýasy özgerişleriň sebäbini ilki bilen ykdysady gatnaşyklardan gözlemelidir. Ýöne şunuň bilen birlikde syýasy häkimiýetiň özbaşdaklygyny, onuň hem öz nobatynda ykdysady prosesler güýçli täsir edýändigini ýatdan çykarmaly däldir.

İkinji topar durmuş-syýasy kanunalaýyklardyr. Bular syýasy häkimiýeti aýratyn bir durmuş ulgam hökmünde häsiýetlendirýärler. Syýasy häkimiýetiň durmuş ulgamyň esasy kanunalaýyklygy jemgyýtde durnuklylygy (stabilligi) saklamakdyr. Bu kanunalaýyklygyň toparlary dürli durmuş ulgamda dürli usullar, serişdeler arkaly amala aşyrylýar. Meselem, awtoritar ulgam durnuklylygy saklamak üçin häimiýeti mümkingadar ýokary derejede merkezleşdirýär, zorluk etmegi giň peýdalanýar. Munuň tersine, demokratik ulgam häkimiýeti kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölmegi, jemgyýet bilen syýasy häimiýetiň bäbitleriniň ylalaşygyny görkezýär.

Üçünji topar syýasy-psihologik kanunalaýyklykdyr. Bular şahsyýet bilen häkimiýetiň aragatnaşygyny suratlandyrýar. Şu kanunalaýyklaryň içinde syýasy lideriň nähili edip häkimiýeti öz eline alşy we saklaýşy baradaky kanunalaýyklyk örän ähmiýetlidir. Sebäbi ol syýasy lideriň bitiren işiniň esasy gymmatlygyny, ähmiýetini görkezýär.

Syýasaty öwrenişi öwrenýänler üçin onuň kategoriýäsy bilen tanyşmagyň ähmiýeti uludyr. Ol kategoriýalar, ylmy düşünjeleriň ulgamy syýasy häkimiýetiň dürli toparlaryny, gatnaşyklaryny açyp görkezýär. Şonuň üçin hem onuň kategoriýalaryň içinde iň esasy syýasy häkimiýet diýen kategoriýadyr. Ol dürli syýasy institutlaryň aragatnaşyklaryny häsiýetlendirýär. Syýasaty öwrenişiň beýleki kategoriýalary şu esasy ylmy düşünjäniň ol ýa-da beýleki taraplaryny görkezýärler. Meselem, syýasy proses diýen ylmy düşünjede jemgyýetde hereket edýän durmuş subýektleriň, ýagny dürli edaralaryň, guramalaryn, olaryň işgärleriniň işlerini syýasy hakimiýetiň formirlenişiniň ösüşini we peýdalanyşyny görkezýär.

Beýleki kategoriýalar hem şeýle häsiýetlidir. Ynha syýasy sosializasiýa diýen ylmy düşünjäni alyp göreliň. Bu hem jemgyýetde syýasy häimiýetiň goldaýan normalaryny we gymmatlyklaryny şahsyýetiň kabul edilişini, özleşdirilişini barlag edýär, düşündirýär. Döwlet diýen kategoriýanyň mazmuny syýasy häkimiýetiň esasy hökmünde ýüze çykýar. Goşun diýen kategoriýa döwletiň esasy elementleriniň biri bolup durýar. Ol zerur bolan mahaly syýasy häkimiýeti ýaragly güýç bilen goraýar.

Ylmy kategoriýalar barada gürrüň edilende, ýene bir möhüm mesele hakynda aýtmaly. Mälim bolşy ýaly, her bir ylmyň peýdalanýan öz ylmy düşünjeleri bolýar. Ýöne şeýle bolsa-da her bir ylym diňe öz kategoriýalaryny ulanmak bilen çäklenmeýär. Eýsem beýleki ylymlaryňkyny ulanýarlar. Mysal üçin, matematika, fizika, himiýa, tebigaty öwrenýän beýleki ylymlar biri-biriniň kategoriýalaryny giňden peýdalanýarlar. Gumanitar ylymlar hem şeýle edýärler. Mysal üçin, filosofiýa, taryh, hukuk ylymlary, syýasaty öwreniş we beýleki jemgyýetçilik ylymlary gerek bolsa biri-biriniň ylmy düşünjelerini ulanýarlar. Bu ýerde hiç hili geň zat ýok. Sebäbi ylymlar biri-birinden tapawutlansalaram, olaryň biri-birine ýakyn ýerlerem az däl.

Syýasaty öwreniş ylmy syýasy häkimiýeti öwrenende kän metodlardan peýdalanýarlar. Olaryň iň ähmiýetlisi hem-de has köp ulanylýan metodlaryny üç topara bölýärler.

Birinji toparyna syýasaty öwrenmegiň umumy metodlary girýärler. Olaryň içinde has ýörgünlisi sosiologik metotdyr. Ol syýasy häkimiýetiň syýasy hadysalaryň jemgyýetiň ykdysady gatnaşyklara baglydygyny beýan edýär. bu metody marksizm we beýleki sosiologik konsepsiýalar giňden peýdalanýar.

Syýasaty öwrenijileriň kän ulanýan ýene bir metodyna funksional metod diýilýär. Ol syýasy hadysalaryň biri-birinden garşylygyny öwrenýär. Meselem, jemgyýetiň ykdysady ösüş derejesi bilen onuň syýasy gurluşynyň, syýasy partiýalar bilen saýlaw ulgamynyň we şuňa meňzeş başga syýasy hadysalaryň arasyndaky garaşsyzlygy görkezýär. Funksional metodyň ösen, boýlaşan häzirki derejesine bihobioristik metod diýýärler. Bu metody syýasaty hadysalary barlag edende tebigy bilimleriň we konkret sosiologiýanyň metodlarynda peýdalanýarlar. Belli bir syýasy şertlerde şahslaryň we toparlaryň özüni alyp baryşlary takyk ylmy barlaglar esasynda öwrenýär. Tankydy dialeksika metody syýasaty öwrenijileriň peýdalanýan möhüm metodlarynyň biri bolup durýar. Ol syýasy hadysalary tankydy ýol bilen öwrenmegi, sosial syýasy özgerişleriň esasy sebäbi bolan garşylyklary açyk görkezmegi talap eden bu metody marksisler, çepçi radikallar, sosial-demokratlar we beýleki ideýa-syýasy akymlaryň tarapdarlarynyň bir entegi giňden ulanýarlar.

Häzirki zaman syýasaty öwrenişde iňňän kän ulanylýan ýene bir metoda deňeşdirme diýilýär. Bu bir tipli syýasy hadysalary, meselem, syýasy ulgamlary, partiýalry, beýleki syýasy institutlary deňeşdirip, olara mahsus umumy sypatlaryny, özboluşlylygyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär, netijede syýasy formany seçip almaga, syýasy wezipeleri çözmegiň göwnejaý usullaryny tapmaga, beýleki ýurtlaryň, halklaryň syýasy tejribesini döredijilikli peýdalanmaga kömek edýär.

Syýasyty öwrenişde ulanylýan umumy metodlaryň başgalary hem bar. mysal üçin, antropolik, psihilogik, taryhy we ýene beýleki metodlary bar. Olardan peýdalanýan syýasaty öwrenijiler hem az däl.




<== | ==>
, | Myradowa G.B, Esenowa O.J., 2

? google:


 

© studopedia.com.ua '.


: 0.004 .