Студопедия
Контакти
 


Тлумачний словник

Реклама: Настойка восковой моли




Авто | Автоматизація | Архітектура | Астрономія | Аудит | Біологія | Будівництво | Бухгалтерія | Винахідництво | Виробництво | Військова справа | Генетика | Географія | Геологія | Господарство | Держава | Дім | Екологія | Економетрика | Економіка | Електроніка | Журналістика та ЗМІ | Зв'язок | Іноземні мови | Інформатика | Історія | Комп'ютери | Креслення | Кулінарія | Культура | Лексикологія | Література | Логіка | Маркетинг | Математика | Машинобудування | Медицина | Менеджмент | Метали і Зварювання | Механіка | Мистецтво | Музика | Населення | Освіта | Охорона безпеки життя | Охорона Праці | Педагогіка | Політика | Право | Програмування | Промисловість | Психологія | Радіо | Регилия | Соціологія | Спорт | Стандартизація | Технології | Торгівля | Туризм | Фізика | Фізіологія | Філософія | Фінанси | Хімія | Юриспунденкция

Myradowa G.B, Esenowa O.J., 4 страница

 

2. Raýat jemgyýetiniň gurluşy.

Ýokarda belleýşimiz ýaly, raýat jemgyýeti häkimiýete degişli däl baglanyşyklaryň we düzümleriň ulgamydyr. Raýat jemgyýeti döwletden daşary we döwletiň goşulyşmaýan şahsyýetara gatnaşyklaryň ählisini öz içine alýar.

Raýätlaryň gündelik bäbitleriniň hemişe deň gabat gelmeýändigine görä raýat jemgyýetiniň sferalary hem belli bir derejede biri-birine garaşlydyr. Şeýle garaşlylygy aşakdaky görnüşde aňlatmak mümkin.

 

 

Bähbitleriň we talaplaryň mazmuny we gatnaşyklaryň görnüşleri Olary amala aşyrýan institutlar

 

 

Shemadan görnüşi ýaly, önümçlik bilen bagly ulgam maddy infrastrukturany, syýasy ulgam umumy erki we umumy bähbitleri amala aşyrýan mehanizmi üpjün edýär.

Durmuş we ruhy sferalar bilelikde raýat jemgyýetini emele getirýär.

Adamlaryň esasy talaplaryny (iýmit, jaý, geýim) önümçilik gatnaşyklary kanagatlandyrýarlar. (1-nji dereje).

Nesili dowam etdirmek, saglyk, terbiýe, ruhy kämillik, ynam boýunça talaplar durmuş-medeni gatnaşyklarynda durmuşa geçirilýär. (2-nji dereje).

İň soňunda, üçünji, şahsyýetara gatnaşyklarynyň iň ýokary derejesi syýasy-medeni gatnaşyklary düzýärler. (3-nji dereje)

Bu gatnaşyklar syýasy garaýyşlar we gymmatlyklara laýyk ugur almak bilen bagly her adamyň syýasata gatnaşygyny üpjün edýär. Bu derejede her bir indiwidiň (adamyň) özünde anyk syýasy pozisiýalary kemala getirmegini göz öňünde tutýar. Ol pozisiýalar bolsa syýasy partiýalaryň, hereketleriň kömegi bilen durmuşa ornaşdyrylýar.



Интернет реклама УБС

 

3. Raýat jemgyýetiniň funksiýalary.

Raýat jemgyýetiniň baş funksiýasy raýatlary we olaryň hukuklaryny goramakdan ybaratdyr. Ýöne islendik jemgyýetde dürli toparlaryň barlygyna görä talaplarda, isleglerde dürli-dürli bolýar. Ynha, şoňa görä, dürli toparlara degişli adamlaryň dürli hili, käahal biri-birine garşy bähbitlerini sazlaşdyrmakda plýuralizmiň (köp pikirlilik) dürli görnüşleriniň (sosial, dini, milli we ş.m.) ulanylmagy položitel netijelri berýär. Plýuralizm pikirleriň degşirilmegi arkaly bäbitleri sazlaşdyrmakda ylalaşyga getirýän netijeli usuldyr.

Jemgyýetde eýeçiligiň dürli formalary ýaşaýar. Şahsy eýeçiligiň goralyş derejesi raýat jemgyýetiniň kämillik derejesini görkezýär. Ol eýeçiligiň beýleki görnüşlerine (döwlet, kooperatiw, bazar eyeçiliginiň beýleki görnüşleri) garşy goýulmaýar. Tersine, olar bilen ýakyn aragatnaşykda we sazlaşykda bomaga çalyşýar. Şu ýerde raýat jemgyýetiniň çäksiz uly mümkinçlikleri we ähmiýeti ýüze çykýar.

Adam hukuklaryny goramak gem raýat jemgyýetiniň aladasydyr.

SSSR-iň dargamagy we Türkmenistanyň ykdysady özgerişler ýoluna düşmegi ýurdumyzda syýasy demokratiýany ösdürmek we raýat jemgyýetiniň gymmatlyklaryny jemgyýete ornaşdyrmak wezipesini öňde goýdy. Bu ýolda Türkmenistan soňky ýyllarda görnükli netijeler gazanýär. Ozaly bilen hususy eýeçiligiň hukuklary dikeldildi. Ykdysadyýete bazar prinsipleri has we has giň ornaşýar. Birnäçe döwlete degişli däl medeni, hünär, bilim, institutlary (edaralary) dikeldildi we hereket edýärler. Dürli bähbitli toparlar, sosial gatlaklar erkin döreýärler we ýaşaýarlar. Munuň özi türkmen jemgyýetiniň ösüş ümzüginiň hut raýat jemgyýetine tarapdygyna güwä geçýär.

 

 

№ 1 shema

 

 

 

№ 2 shema

 

5-nji tema: Jemgyýetiň ýaşaýşynda döwletiň roly. – 2 sagat

MEÝILNAMA

1. Döwlet düşünjesi. Döwletiň manysy hakynda konsepsiýalaryň köpdürliligi.

2. Döwletiň elementleri.

3. Döwletiň emele gelişi we ösuşi.

4. Döwletiň funksiýalary.

5. Döwletiň görnüşleri. Hukuk döwleti.

1. Döwlet düşünjesi. Döwletiň manysy hakynda konsepsiýalaryň köpdürliligi.

Döwlet syýasy sistemanyň esasy institutydyr. Döwletiň ähmiýetliligi häkimiýeti we tebigy resurslary onuň elinde jemlenip, olary sosial maksatlara gönükdirip bilmekligi bilen kesgitlenýär.

Döwletiň emele gelen pursatyndan başlap akyldarlar döwletiň emele geliş tebigaty barada birnäçe pikirleri öňe sürüpdirler. Şolaryň esasanda hem döwletiň emele geliş konsepsiýalary we taglymatlary ýüze çykardy.

1. Teokrat teoriýasy ya-da konsepsiýasy - (grekçeden terjime edilende theos-hudaý, kratos-häkimiýet diýmegi aňladýar. ) Bu dini konsepsiýa-döwlet hudaý tarapyndan emele gelip, döwleti dolandyrýan patyşa hudaýyň ýerdäki wekili diýen garaýşy öňe sürýärler.

2. Patriarhal kosepsiýa-döwlet uly maşgala bolup patyşa we onuň raýatlarynyň arasyndaky gatnaşyk maşgalanyň atasy bilen maşgala agzalarynyň arsyndaky gatnaşyga meňzedilýär. Bu konsepsiýa laýyklykda döwlet maşgalalaryň urug, tire-taýpalarynyň birleşmegi esasynda döwletemele geleýär diýen ideýa öňe sürülýär.

3. Jemgyýetçilik şertnamalaýyn teoriýa-ony esaslandyryjy akyldarlar G.Grosiý, T.Gobbs, Ž.Ž.Russo dagylar bolup döwlet özygtyýarly häkimiýet eýeleri bilen boýun egdirilenleriň arasyndaky şertnamanyň netijesinde emele gelipdir diýen ideýa öňe sürülýär. Olaryň bellemegine görä adamlar häkimýetsiz, döwletsiz ýaşaýşyň kynlygyna göz ýetirip, döwlet döretmäge şertnama baglaşypdyrlar. Şonuň esasynda-da öz azatlyklarynyň hukuklarynyň beýan tapýan ýeri hökmünde döwleti döredipdirler diýen pikir öňe sürülýär.

4. Basybalyjylykly teoriýa-bu teoriýa esasynda döwlet göni syýasy hereket bolup içki ýa-da daşky güýçleriň basyp almagy netijesinde emele gelipdir diýen pikir öňe sürülýär. Bu teoriýanyň tarapdarlary döwlet güýçli halkyň ejiz halky basyp almagy bilen emele gelipdir, diňe bir döwlet däl hususy eýeçiligiň we synpyň emele gelmegi bolup geçýär.

5. Marksistik taglymat-döwlet jemgyýetde synplaryň bölünmegi ýagny ykdysady bähbitli agalyk ediji synplaryň bölünmegi arkaly emele gelipdir. W.I.Lenin “Döwlet bir synpyň beýleki bir synpyň üstünden agalyk etmegini üpjün edýän gurama” diýen pikiri öňe sürýär.

Häzirki wagytdaky öňe sürülýän taglymatda döwlet umumy halk köpçüliginiň bähbidini araýan guramadyr. Döwlet belli bir teritoriýada ýaşaýan adamlarynyň bähbitlerini amala aşyrýan we olaryň aragatnaşygynyň hukuk normalarynyň kömegi bilen kadalaşdyrýan häkimiýet ýa-da syýasy guramadyr.

Häzirki zaman ösen döwletleriň praktikasy döwletiň demokratik gurluşyunyň dürli sosial umumylykly adamlaryň bähbidini arap çykyş edýändigini subut etdi. Döwlet ol hemme halka gulluk etmäge borçly bolan , partiýalaryň jemgyýetçilik guramalarynyň we hereketleriň, assosiasiýalaryň kömegi bilen bütin halka gulluk etmäge borçly bolan guramadyr. Döwlet jemgyýetiň ösüşini, asudalygyny, deňligini, parahatçylygyny, raýatlaryň azatlygyny we hukuklaryny demokratik usulda bolmagyny üpjün edýär.

Illinji şäher döwletleri biziň eramyzdan öňki IV-III müňýyllyklarda Mesopotamiýada, Dogly Peruda we ş.m. ýerlerde emele gelipdir. Ýöne “döwlet” termini ХVI asyrda döräpdir. Döwlet termini “respublika”, “şäher jemgyýeti”, “knýaz eýeçiligi” ýaly terminler bilen aňladylypdyr. “Döwlet” diýen terminiň girizilmeginde N. Makiaweliniň hyzmatlary ulydyr.

 

2. Döwletiň elementleri.

Döwlet çylşyrymly sosial hadysa, adam hereketiniň ýuridiki kadalaşdyrmasy. Döwlet – sosial kadalary we hadysalary öz içine alýar. Ol syýasy institut hökmünde özünde birnäçe alamatlary jemleýär.

· Çäklendirilen teritoriýa-fiziki, mady daýanç onsuz döwlet ýaşap bilmeýär, teritoriýa bolanda: ýer, baýlyklar, howa giňişligi, teritorial suwlar we ş.m. Belli bir çäkde döwlet serhedi döreýär.

· Halk-belli çäkde ýaşaýan ilat, häkimiýete boýun bolup ýaşaýar.şonuň üçin ilat bir milletli ýa-da köp milletli bolup biler. Döwlet millete daýanýar we ýaşaýar.

· Özygtyýarlyk we häkimiýet. Syýasy häkimiýet – ilatyň hereketini sazlaşdyryjy bolup çykyş edýär, sebäbi bu herekete ýuridiki esaslar goýulýar, ilat kanuna boýun bolup ýaşaýar.

Şular döwletiň esasy üç alamaty. Bulardan başgada:

· Kanun, konstitusiýa. Döwlet jemgyýetiň ýaşaýşynda hukuk esaslary goýýar. Hukuk hormalarynyň berjaý edilmegine gözegçiligi ýörite hukuk goroýjy guramalaryň üsti bile amala aşyrylýar(sud, administrasiýa, prokuratura.)

· Salgyt ýygnaýan gurama.

· Goşun bu döwletiň serhedini goraýan gurama bolup durýar.

· Polisiýa döwletiň içki howsuzlygyny üpjün edýän gurama.

· Döwlet nyşanlary – baýdak, sena, gerb, paýtagt, ýolbaşçy, puly, milli dini we ş.m.

Döwlet syýasy häkimiýetiň özboluşly guramasy bolup, ýörite mehanizm, guramalar we edaralar sistemasy bolup jemgyýeti dolandyrýar. Döwleti dolandyrmagyň mehanizmini kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji, sud ediji häkimiýet düzýär.

Döwlet häkimiýeti özygtyýarlylyk esaslarda gurnalýar. Döwletiň özygtyýarlylygy içinde we daşary döwletler bilen gatnaşygynda özbaşdak-garaşsyzlygyny aňladýar. Döwlet häkimiýetiniň hökmirowanlygy: a) çözgütleri ähli ilat üçin hökmandyr; b) döwletiňki däl guramalaryň çözgütlerini ýatyryp bilýär; ç) dürli mümkinçilikleriniň bolmagy mysal üçi kanun çykaryjylyk; d)beýleki edaralarda ýok bolan ilata täsir ediş alamatlarynyň bolmagy (mejbur ediji, zozluk apparatlary).

Döwletiň salgyt ýygnamaklygy we beýleki tölegleri töletdirmekligi. Şular ýaly mehanizmiň ýola goýulmagy bilen döwlet özüne ykdysady azatlygy gazanýar.

 

3. Döwletiň emele gelişi we ösüşi.

Adamzadyň dürmuşynda hemme wagt döwlet bolmandyr, hemişelik jemgyýetçilik durmuşyna gözegçilik edýän institut döredilmändir.

Dolandyrýan azlyk häkimiýeti öz elinde saklaýar, we bar bolan ýuridiki kadalara görä wezipeleri ýerine ýetirýärler. Jemgiýetde önümçilik emele geleninden soň döwletiň döremegine esas bolýar. Jemgyýet iýerarhiýeleşýär (iýerarhiýa kän basgançaklylyk , gulluk wezipesinde aşakdan ýokaryk gidýän yzygiderlilik ) biri jemgyýetçilik durmuşyna guramaçylyk we gözegçilik edýär, beýlekisi bolsa önumçilik bilen meşgul bolup önüm öndürýär. Olaryň arasynda hökümdarlyk edýän we boýun bolýan gatlak döreýär.

 

4. Döwletiň funksiýalary.

Döwlet beýleki syýasy institutlardan tapawutlylykda birnäçe funksiýalary ýerine ýetirýär. Döwlet funksiýalary içerki funksiýa we daşarky funksiýa diýen iki görnüşe bölünýär.

Içerki funksiýalara ykdysady, sosial, guramaçylyk, hukuk, syýasy, ruhy medeni terbiýeçilik we ş.m. degişli.

Ykdysady funksiýa-ykdysadyýetiň ösüşiniň maksatnamasyny we meýilnamasyny düzmek , salgyt ýygnamak we kredit bermek syýasatyny ýola goýmak , ykdysadyýeti ösdürmek üçin ykdysady sanksiýalary (rursat, ygtyýar) we ykdysady stimuly (höwes) ulanýar.

Sosial funksiýa – bu funksiýa ykdysady funksiýa bilen bagly. Ol adamraryň iş, ýaşaýyş, saglygyny goramaklygy üpjün edýär; dunç alyş we sosial goraglylygy üpjün edýär, durmuşyny, saglygyňy, emlägiňi ätýaçlandyrýar.

Guramaçylyk funksiýasy – höküm borçlary bilen bagly , çözgütleriň ýerine ýetirilmegi, dolandyryjy kadrlary ulanmak, kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, syýasy institutlaryň işleriniň koordinasiýasyny amala aşyrmak.

Döwletiň hukuk wezipeleri. Döwlet kanunlary çykarýar we şol kanunlar boýunça ýaşalmagyna, hereket edilmegine gözegçilik edýär. Hukuk bozulmalary-döwlet örganlary(sud, prokuratura) tarapyndan gözegçilik edilýär, çäresi görülýär.

Döwletiň syýasy wezipesi-syýasy durnuklylygy gazanmak, syýasy häkimiýetiňi berkitmek, jemgyýetçilik kökçüliginiň isleýän syýasy ugryny saýlamak we jemgyýetiň ösüş strategiýasyny işläp düzmek.

Döwletiň bilim we ruhy medeni terbiýeçilik funksiýasy- orta we ýörite hünär bilim almagyň hemmeler üçin elýeterli we mugt bolmagyny gazanmak , ylmyň ösdurimegine ýardam etmek. Döwlet ruhy medeni ýaşaýşy kemala getirmek uçin serişde göýbeýär we ilatyň ýokary ruhy medeniýetini gazanmak üçin döredijiligiň ösmegine ýardam edýär, dünýä medeniýetiň gazananlaryny özleşdirýär.

Ekologik funksiýa-daşky gurşawy goramak. Döwlet işiniň esasy wezipesi daşky gurşawyň, howanyň, suwuň, oba hojalyk ýerleriniň hapalanmagynyň zaýalanmagynyň öňüni almak bolup durýar.

Döwletiň daşky wezipeleri-teritoriýanyň bitewiligini gorap saklamak, daşary döwletler bilen ykdysady datnaşyklary, daşary söwdany ýola goýmak.

Döwletiň otnositel özbaşdaklygy, onuň ýüze çykyşynyň görnüşleri. Bu döwletiň jemgyýetden daşlaşma häsiýetini görkezýär. Döwlet sosial-ykdysady babatda özbaşdak otnositel hereket edýar.

Döwlet bar bolan sistemany belli bir ramkada saklaýar otnositellik deneşdirmek. Özbaşdaklygyna garanyňda iki zady bilmeli.

1. halk köpçüligi döwletiň başynda duranlara özüniň göreşi bilen täsir edip, döwletiň olaryň islegini kanagatlndyrmak üçin hereket edýär.

2. käbir otnositel ozbaşdaklygy bilen döwlet jemgyýetiň üstünden häkimlik edýär. Taryhda şu hilli hadysalar belli, hususanda faşistik Germaniýada we SSSR-de bolup geçdi.

Döwlet häkimiýetiniň dürli formalary adamzat tarynda bolupdyr, olar şulardan ybarat : anarhiýa(häkimiýetiň, kanunyň ýoklygy,) bölek hökümdarlyk, monarhiýa-patyşa nesliniň hökümdarlygy, oligarhiýa-aristokratlaryň hökümdarlygy, göni demokratiýa, tiraniýa-tiranyň çäklendirilmedik hökümdarlygy, mirasdüşer monarhiýada bürokratik hökümdarlyk, prezident dolandyryş, harby diktatura, totalitar diktatura.

 

5. Döwletiň görnüşleri. Hukuk döwleti.

Döwlet formalarynyň ewolýusyýasyna täsir edýän faktorlar. Jemgyýet we döwlet uzak ewolýusion ýoly geçdi. Adamlaryň ýaşaýyş durmuşy we sosial strukturasy üýtgeýär. Bu zatlar hem döwletiň dürli görnüşlerde bolmagyna täsir edýär. Marksistik çemeleşmede döwletiň görnüşi öndüriji güýjiň agalyk edýän häkimiýetiň , döwleti dolandyrýan häkimiýetiň dolandyrşynyň görnüşi bilen döwletiň formasy kesgitlenýär. Şu zatlary nazara almak bilen döwletiň görnüşleri barada dürli klasifikasiýalar bar.

Gul eýeçilik döwletleri olar hem aziýa we antiki bolýarlar. Aziýa döwletlerinde hökümdarlyk despot-monarhyň elinde jemlenen ikinji-respublika, monarhiýa, harby diktatura.

Feodal görnüşi-absolýut we çaklendirilen monarhiýa formalary bolubdyr.

Burjuaz görnüşli döwletler-konsitusion monarhiýa, respublika, faşistik, harby diktatura

Sosialistik dörnüşde-respublika formasy häsiýetlidir. Sosialistik käbir döwletlerde m. üçin Hytaýda – harby bürokratik diktatura, SSSR-de partiýa apparatynyň diktatyrasy.

Her bir döwletiň özhäkimiýetine laýyk gelýän döwlet dolandyryş ýoly bolýar. Häzirki wagtda döwleti dolandyrmagyň monarhiýa we respublika formalary bar.Döwleti dolandyrmagyň monarhiýa formasy gadymdan bäri dowam edip gelýän ýollaryň biridir. Monarhiýa-häkimiýet nesilden-nesle geçip, häkimiýet bir adamyň elinde jemlenýär.(monarhiýanyň, patyşanyň, patyşa aýalyň). Döwleti dolandyrmagyň monarhiýa formasy hem öz arasynda ikä bölünýär.

1. Absolýut monarhiýa.

2. konstitusion monarhiýa.

Absolýut monarhiýa bolanda häkimiýet ýeketäk bir adamyň elinde jemlenip, kararlar we kanunlar patyşa tarapyndan islendik mazmunda çykarylýar we ýatyrylýar. Mysal üçin: Saud Arabystany, Oman, Bahreýin we ş.m.

Konstitusion monarhiýasy hem öz arasynda ikä bölünýär:

a. parlament monarhiýa.

b. Dualistik monarhiýa.

Parlamentli monarhiýada monarhyň häkimiýeti parlament tarapyndan çäklendirilýär. Monarh döwletiň görnükli baştutany hökmünde şalyk edýär we häkimiýet nesilden nesle geçýär. Kanun çykaryjylyk işini parlament ýerine ýetirip, parlamenti halk saýlaýar. Monarh kanun çykaryjylyk işine gatnaşdyrylýar. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň, ýagny hökumetiň baştutany premýer ministr bolup durýar. Hökümet öz işi barada parlamente hasabat berýär. Häzirki wagytda birnäçe döletler

Dualistik monarhiýada kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýet döwleti dolandyrmakda deň orun tutýar. Ýerine ýetiriji häkimiýeti-monarh düzýär, kanun çykarylyjy organy-parlamenti halk saýlaýar. Hökümet hem parlamente hem monarha öz işi barada hasabat berirýär.

Resbublikan döwlet dolandyryş formasy irki döwürlerde Afiny döwletinde ýüze çukýar. Häzirki wagtda respublikan döwlet dolandyryş görnüşi giňden ýaýran. Respublikada-döwlet baştutany döwlet guramalary saýlawly bolup, oňa çäklendirilen möhlet bilen graždanlar saýlaýar. Resrublikada häkimiýet şahalary üçe bölünýär: kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji, sud häkimýetine bölünýär.

Respublikan döwlet dolandyryş görnüşi öz arasynda üçe bölünýär:

1. Prezident respublikasy.

2. Parlament respublikasy.

3. Garyşyk respublika ýa-da ýarym prezidentli respublika diýip atlandyrylýar.

Prezident respublikasyndadöwlet baştutany prezident bolup, ony halk tarapyndan saýlanan adamlar bolup, saýlawçylar ýa-da gös-göni ilat saýlaýar. Prezident respublikasynda kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýet berk bölünendir. Prezident döwlet baştutany we ýerine ýetiriji häkimiýetiň başlygy bolup durýar. Prezident parlamentiň öňünde logapkär däldir.

Döwlet formasynynyň ewolýusiýasyna täsir edýän faktorlar bar. Hususanda ýyrtrarda synpy güýçleriň gatnaşygy, haçanda synpy güýçleriň arasynda deňagramlylyk bolanda. Hiç bir synp beýlekiniň öňünde häkimiýeti dikeltmek üçin hereket edip bilenok. Şol halatlarda şahsy hökümdarlyga mämlinçilik döreýär, mysal üçin Sezaryň, Kromweliň, Banapartyň, Gitleriň we beýlekileriň diktaturasy.

Döwletiň teritorial taýdan syýasy birleşmeginde döwletiň gurluş formasy ýüze çykýar olar unitar döwlet, federal döwlet, konfederal döwlet.

Unitar dowlet gurluş formasy iň ýaýran forma, bu döwletlerde ähli häkimiýet bitewilikde dolandyrylar. Bitewi pul, kanunçylyk sistema we raýatlylyk döredilen.

Federal döwlet gurluş formasy – birnäçe öň garaşsyz dowlet bolan döwletleriň bitewi soýuza birleşmegi. Häzirki döwürde dünýäde 20 federatiw döwlet bar: Awstraliýa, Awstriýa, Argentina, Belgiýa we ş, m. Federasiýalarda hökümetiň iki ölçegi bar: federal we respublikan. Federasiýalara teritorial(ABŞ) we milli (Rosiýa) alamatlary boýunça gurnalýar.

Konfederasiýa örän seýrek duş gelýän döwlet gurluş formasy. Bu birnäçe özbaşdak döwletleriň birleşigi, olar belli bir maksatlaryny amala aşyrýançalar birleşýärler. Mysal üçin goranmak maksady bilen, ykdysady, energetik we transport ulgamlarynyň bitewiligi zerarly birleşýärler.

Загрузка...



<== попередня сторінка | наступна сторінка ==>
Myradowa G.B, Esenowa O.J., 3 страница | Myradowa G.B, Esenowa O.J., 5 страница

Не знайшли потрібну інформацію? Скористайтесь пошуком google:


 

© studopedia.com.ua При використанні або копіюванні матеріалів пряме посилання на сайт обов'язкове.


Генерація сторінки за: 0.023 сек.